SPORT

Rahim Sterling “Çelsi” toparyna geçýär

Angliýanyň “Mançester Siti” bilen “Çelsi” toparlary özara ylalaşdylar. Şonuň netijesinde, “Mançester Siti” toparynyň düzüminde çykyş eden Rahim Sterling “Çelsi” toparyna geçýär.

“The Telegraph” neşiriniň habaryna görä, Sterling London toparynyň düzümine 47,5 million funta geçýär we 2,5 million futn goşmaça berler.

Futbolçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşylar we ýene-de bir möwsüm uzaltmak göz öňünde tutulýar.

Agliýanyň milli ýygyndysynyň hem futbolçysy bolan Sterling hepdede 300 müň funtdan köp gazanar. Ol Angliýanyň çempionatynda iň hak tölenýän 3 futbolçydan biri bolar.

 

Gazak tennisçiniň taryhy ýeňşi

Related posts

Türkmen türgenleri Awazada sylaglanar

Ata Watan Eserleri

1972-nji ýylyň rekordy täzelendi

Ata Watan Eserleri

Germaniýa ilkinji gezek dünýä çempiony boldy