SPORT

“Bawariýanyň” çempionlygyna bir ädim galdy

Germaniýanyň milli futbol çempionaty “Bundesliga”-nyň öňdebaryjy topary “Bawariýa” 31-nji tapgyrda “Borussiýa Menhengladbah” toparyny 2:1 hasabynda utdy. Şeýlelikde bu topar şu hepdäniň dowamynda “Werder Bremen” topary bilen duşuşar. Eger bu duşuşykda ýeňiş gazanan ýagdaýynda “Bawariýa” 29-njy çempionlygyny yglan eder.

Häzirki wagtda çempionatyň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda birinji orundaky “Bawariýa” bilen ikinji orundaky “Borussiýa Dortmund” toparyň arasyndaky aratapawut 7 utuga deňdir.

Hans Fligiň tälim berýän “Bawariýa” toparynyň bir ýeňiş galdy. 16-njy iýunda “Werder” toparyny ýeňen halatynda çempionlygyny yglan eder. Topar bassyr 13 duşuşykdan bäri ýeňiş gazanyp gelýär.

Related posts

Dünýä çempiony “Atletiko Madridde” oýnar

Türkmen türgenleri Özbegistandaky çempionata gatnaşar

57 ýyldan soňra uly hasaply ýeňiş