DÜNÝÄ

Eýranda çendenaşa yssy howa sebäpli 2 gün dynç alyş yglan edildi

Eýran Yslam Respublikasy çendenaşa yssy howa sebäpli çarşenbe we perşenbe günlerini dynç alyş yglan etdi we garry we saglyk ýagdaýy pes adamlara daşary çykmazlyk maslahat berildi. Bu barada “IRNA” habarlar gullugy habar berýär.

– Raýatlaryň saglygyny gorap saklamak maksady bilen Ministrler kabineti ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň 2-nji we 3-nji awgusty dynç güni hökmünde yglan etmek baradaky teklibi tassyklady – diýip, Eýranyň hökümetiniň wekili ali Bahadori Jahromi habar berdi.

Eýranyň saglygy goraýyş ministri Bhram Eýnollahiniň yssy howa akymynyň adamlaryň gündelik durmuşyna edýän täsiri baradaky beýanatyndan soňra dynç günleri yglan edildi.

Ýurduň ähli lukmançylyk merkezleri çendenaşa yssy howa sebäpli adamlara kömek bermek üçin taýýar ýagdaýa getirildi.

Ýurduň käbiri şäherlerde howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli ejir çekdiler.

Soňky hepdelerde Ýer şarynyň köp bölegini yssy howa akymy gurşap aldy. Alymlar howa temperaturasynyň ýokarlanmagyny howanyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydygyny belleýär.

“Climate Central” neşiriniň beren hasabatyna görä, iýul aýynda 6.5 milliard adam ýa-da Ýer şarynyň ilatynyň 81 göterimi yssy howanyň täsiri astynda galdy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri