BIZNES

“Çoganly” ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähi gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek hem-de şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Aşgabat şäheriniň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Nowa hyzmat” hususy kärhanasy bilen şertnamany, seýilgäh üçin elektrik, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň içerki we daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we medeni-dynç alyş seýilgähini 2025-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Related posts

“Galkynyş” gaz käni TOPH gaz geçirijisi üçin möhümdir

Türkmenistanda 1574 megawatlyk elektrik stansiýasy gurlar

Ata Watan Eserleri

“New Balance” markasy

Leave a Comment