SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada awiapetekler onlaýn satuwa çykdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabat şäherine uçuşlar üçin onlaýn petekleriň satuwynyň başlandygyny ýatlaýar. Degişli bildiriş awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.

«Hormatly ýolagçylar! Moskwa, Kazan, Deli, London, Pekin we Frankfurt şäherlerinden Aşgabat şäherine onlaýn arkaly awiabilet alyp bilýändigiňiz barada size habar berýäris» diýlip, bildirişde aýdylýar.

Petekleriň bahasy awiakompaniýanyň web sahypasyndaky şeýle görkezilýär:

  • Moskwa — Aşgabat: 4876,9 TMT
  • Kazan — Aşgabat: 4823,3 TMT
  • Deli — Aşgabat: 5540,6 TMT
  • London — Aşgabat: 9132,9 TMT
  • Pekin — Aşgabat: 9053,1 TMT
  • Frankfurt — Aşgabat: 8393,4 TMT

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» içerki töleg ulgamyna birikdirilen bank kartlaryny ulanyp, petekleri onlaýn ýagdaýda satyn alyp bilersiňiz.

Petekleri awiakompaniýanyň daşary ýurtlardaky ofislerinde we wekilhanalarynda daşary ýurt walýutasynda satyn alyp bilersiňiz. Olaryň häzirki sanawy şu salgyda görkezilendir.

Related posts

Koronawirus sanjymynyň bahasy belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Leave a Comment