BILIMJEMGYÝET

Türkmenistanda 17-nji iýuldan giriş synagy möwsümi başlanýar

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Resminama laýyklykda,

— Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda; orta hünär okuw mekdeplerine 17 — 21-nji awgust aralygynda guramak;

— okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugy bilen, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.

2023-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibi ertir — 15-nji iýulda merkezi metbugatda çap ediler.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri: türkmen gazyny Hazaryň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ibermek üçin mümkinçilikler bar

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasy täzeden başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Leave a Comment