JEMGYÝET

6 aýyň jemleri jemlendi

Şu gün — 14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, şonuň ýaly-da, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Hökümet mejlisine harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Onda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işlere anyk baha berildi. Şeýle-de şu ýylyň ikinji ýarymy üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilip, ýolbaşçylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, kanagatlanarly bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki günlerde maslahatlary geçirmek tabşyryldy.

Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 460 milliard kubmetre golaý tebigy gaz iberildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Hytaý bilen haryt dolanyşygymyz her ýyl 9-10 milliard dollara barabar bolýar

Hytaý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde 10 milliard kubmetr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi