SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan bilen Awstriýa saglyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary M.Mämmedow bilen Awstriýa Respublikasynyň durmuş işleri, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçilik we sarp edijileri goramak boýunça federal ministrliginiň Ýewropa Bileleşigi, halkara hyzmatdaşlyk, pensiýa we meýletinçiler departamentiniň başlygy Ulrike Neufangiň arasynda duşuşyk geçdi.

Awstriýanyň federal ministrliginiň binasynda geçirilen duşuşykda taraplar saglygy goraýyş pudagynda gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, bu ulgamda gazanylan tejribe we häzirki wagtda alnyp barylýan işler, iki ýurduň degişli lukmançylyk edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bagly meseleler barada özara pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy

Özbegistan ABŞ bilen wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek boýunça gepleşikleri alyp barýar