Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 23-nji maslahaty Hindistanda onlaýn ýagdaýda geçirildi. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän onlaýn sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Bu onlaýn sammite Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Pakistanyň Premýer-ministri Şehbaz Şarif, Täjigistan Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.
Şeýle hem bu sammite gurama synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlary – Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiýn Hurelsuh gatnaşdy.
Mundan başga-da, bu sammite köp sanly halkara guramalaryň we sebit guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.
2001-nji ýylda Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň gatnaşmagynda Şanhaýda döredilen bu gurama soňra Pakistan we Hindistan ýaly iri ýurtlaryň goşulandygyny bellemelidiris. Geçen ýyl Samarkantda geçirilen ŞHG-ä agza ýurtlaryň sammitinde Eýrany guramanyň doly agzasy hökmünde kabul etmek prosesi başlandy.
Mundan başga-da, guramanyň üç synçy agzasy, şeýle hem Azerbaýjan we Türkiýe ýaly gepleşik boýunça birnäçe hyzmatdaşlary bar. Şeýle hem, birnäçe ýurtlar gepleşik boýunça hyzmatdaş bolmak maksady bilen gurama ýüz tutdy.
Dünýädäki iň uly sebit guramasy hökmünde ŞHG-ä agza ýurtlar Ýewraziýanyň çäkleriniň, takmynan, 60 göterimini, dünýä ilatynyň 40 göterimini we dünýäniň jemi içerki önümiň 20 göterimini emele getirýär.
