SÖHBETDEŞLIK

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda,

                                        Ömrümiň manysy sungat ýolumda.

 Bu iki setiri şygar edinen türkmen ýaş aýdymçy sazandalar häzirki wagtda döredijilik ýoluny has-da rowaçlandyrýarlar. Adam ata How eneden taryh alan saz bilen söhbet ähli döwürlerde-de ynsanlaryň arasynda mynasyp hormatdan, abraýdan peýdalanypdyr. Adamzadyň döreýiş taryhyndan gözbaş alan sungat ynsana ruhy lezzet, ruhy güýç, ruhy goldaw berýär. Gamgyn göwni galkyndyrýar.

Türkmen döredijlik ýolunda kämilleşýän, sungat ýoluny ömür ýoluna ýoldaş edinen türkmen oglan-gyzlarymyz sanardan kän. Olaryň döredýän eserleri bolsa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Halk arasynda bolsa bu eserler gyzgyn garşylanylyp, ýaş zehinleriň has-da bu ugurdan kämil hünärmen bolmaklaryna mümkinçilik berýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaş zehinli aýdymçy talyp gyzymyz Jemile Şasaparowa bu gün biziň saýtymyzyň myhmany.

Jemile, ilki bilen saýtymyzyň söhbetdeşlik sahypasynda Sizi hoş gördük. Aýdym-saz ynsanyň ruhy ganaty. Aýdym-saz bilen meşgullanmak bolsa şol ruhy ganatyň döremegine sebäp bolmak diýmekdir. Sungat ýoluna girişen wagtlaryňyzdaky ýatlamalara bir pursatlyk dolansak.

 ― Sözümiň başynda meni we meniň sungat ýolumy sylap söhbetdeşlige çagyranyňyz üçin döredijilik toparyňyza köp sagbolsun aýdýaryn. Meniň sungat ýoluna gelişim barada aýtsam, orta mekdepde okaýan wagtym bir gün synpymyza oba medeniýet öýüniň işgärleri bildiriş bilen geldiler. Olar aýdym-saza höwesi bar çagalara bu ugurdan sapak berjekdiklerini, aýdym aýtmagy, saz çalmagy öwretjekdiklerini aýtdylar. Men şol bada okuwdan boşadygym oba medeniýet öýüne bildiriş boýunça aýdym aýtmagy öwrenmäge gitdim. Ol ýerde maňa ilki bilen aýdym aýtdyryp gördüler. Soňra başarnygyma görä aýdym öwretdiler. Men oba medeniýet öýüne gatnap, özüm ýaly deň-duşlar bilen sahnalarda çykyş etmegim meni has-da bu ugra içgin girişmegime sebäp boldy.

 Sungat bilen durmuş baglanyşygyňyz.

Sungat bilen durmuş baglanyşygym ýokarda aýdyşym ýaly çagalygymdan başlady. Ynsanyň göwnüniň rahat tapýan ýerinde ýaşamagy, islegindäki käri bilen meşgullanmagy, halka hyzmat etmek mümkinçiliginiň bolmagy bu uly bagt. Durmuş ýoluň bilen kär saýlawyň baglanyşykly bolmagy bolsa adamyň saýlan ugrundan üstünliklere ýetmegine sebäp bolýar. Gysgaça aýdanymyzda durmuşymy sungatsyz göz öňüne getiremok.

 Kämillik ýolunda alyp barýan işleriňiz.

 ― Kämilligiň aňyrsyna çykan ýok. Kämillişmek ynsanyň ähli ýaşynada mahsus. Men häzirki wagtda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde bilim alýaryn. Bu ýerde türkmen medeniýeti, sungaty boýunça bize mugallymlarymyz birnäçe sapaklary berýärler. Ondan daşary medeniýet we sungat ugrunda ussatlyga ýeten halypalarymyz bilen täze döretjek eserlerimizi maslahatlaşyp döredýäris. Kompazitorlar, şahyrlar bilen işleşýäris.

Zähmet çekmek we nesibe babatynda näme aýdarsyňyz.

 ― Halk arasynda şeýlebir dana jümle bar. «Zähmet soňy ―  rehnet» bu jümläniň manysy ählimize mälim. Zähmet çekmek rahat durmuşyň, minnetsiz aşyň eýesi bolmak diýmek. Zähmet çekilip ýetilen sepgidiň gadyram başga bolýar. Nesibe babatynda pikirimi aýtsam, ynsanyň ýazgydynda bar zada aýdylýar. Nesibede bolmasa näçe şol işe ymtylyber bir tarapy kemter bolýar. Şonuň üçin türkmençilikde şeýle diýilýär: ― Nesibäňde bolsun!

Haýsy temalarda aýdym aýtmagy halaýarsyňyz?

 ― Haýsy temany saýlasaňda hersiniň öz ýeri bar. Men has-da Watanymyzy, mähriban käbelerimizi wasp edip aýdym aýdasym gelýär. Esasy döredijiligimiň agramly bölegi hem şolara bagyşlanan.

Sungat dünýäsine girip üýtgän ýa-da täze dörän häsiýetiňiz barmy?

 ― Elbetde. Biziň ýurdumyz dünýä ýüzi boýunça milliligini saklap galan ýurt hökmünde tanalýar. Men has-da milli lybaslarymyza, milli däp dessurlarymyza bolan, olary öwrenmäge bolan höwesim has-da artdy. Aýdymlarymyzy şekile geçirenimizde-de režissiorlaryň öňe sürýän pikirleri esasan taryha, milliklerimize daýanýar.

Üstünlige ýetmegiň syry nämede?

 ― Üstünlik gazanmak üçin esasy yhlas etmeli, kalbyň sesini diňlemeli. Üstünligiň ýene bir syry özlügiňi ýitirmeli däl. Üstünlik gazanan halatyň bilen üstünlige ymtylýan pursatlaryňdaky häsiýetleriň deň gelmeli.

Jora ýa-da dost tutunmak baradaky pikirleriňiz.

 ― Jora diýmek syrdaş diýmek. Jora, dost ynsanyň gowy gününde-de, ýaman gününde-de ýynynda goldaw berýän güýç bolýar. Hakyky jorasy ýa-da dosty bolan ynsan hiç haçan ýekesiremeýär.

Dünýa ýurtlarynyň haýsylaryna syýahat etmegi halaýarsyň?

 Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubai şäherine we Fransiýa döwletiniň Pariž şäherine syýahat etmegi halaýan we arzuw edýärin.

Durmuşyň manysyny nämede görýärsiň?

 ― Durmuşyň manysy ynsanyň ýeten sepgitleriniň, edýän işiniň hözirini görüp ýaşamagy. Bagtly bolmagy, arzuwlarynyň amala aşmagy, edýän işiňi düşünip, bilip etseň durmuşymyň manysy şulardamyka diýýän.

Milli egin-eşiklere garaýyşyňyz.

 ― Bu sowaly men özüme has-da ýakyn gördüm. Millilik bu her bir ýurduň özboluşly gymmatly baýlygy. Millilik bu her bir ynsanyň däp-dessurlara bolan gatnaşygyny beýan edýän gymmatlyk. Şonuň üçin bu ugra garaýşym we sylagym uly.

Ykbalyňy baglajak ýigidiň nähili bolmagyny islärdiň?

 ― Ilhalar, ar-namysly, Watana wepaly, myhmnsöýer, sahy, wepaly bolmagyny islärdim.

Her bir zenan maşgala süýji söze, üns merkezinde bolmaklyga mätäç. Onuň sähelçe göwni bar, şony galkyndyryp bilýän ynsan onuň köňül köşgüniň soltany bolýar.

Ýagşylyk we ýamanlyk.

 ― Ýagşylyk we ýamanlyk düşünjesi bir-birine ýanma-ýan gelse-de olaryň many taýdan aňladyşlary gapma-garşydyr.

Ýagşylyk etmek ynsanyň gowy taraplaryny töweregindäkiler bilen paýlaşmagy, ýamanlyk bolsa onuň tersi.

Geljekki maksatlaryňyz.

 ― Geljege maksat goýmak bu häzirki döwürde ähli ýaşlara mahsus häsiýet. Men hem geljekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, täze aýdymlary, täze şekilli aýdymlary halk köpçüligine ýetirmegi maksat edinýärin.

Jemile, Size döredijilik toparymyzyň adyndan çakylygymyzy kabul edip, beren sowallarymyza gyzykly jogaplary bereniňiz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Rysgally, döwletli sungat ýoluňyzda üstünlik ýar bolmagyny, aýdym-saz äleminde halkymyzyň alkyşly sözlerine eýe bolmagyňyzy arzuw edýäris.

 ― Sagboluň.

 Şahsy maglumatlary:

Doglan senesi:19.07.1990ý

Doglan ýeri: Mary welaýatynyň Ýolöten etraby.

Orta bilim alan mekdebi: Ýolöten etrabyndaky 29-njy orta mekdep.

Häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bagtyýar talyby.

  Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda