DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Türkmenistana sapary guralar

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýuumi Ýoşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň ähmiýeti barada nygtap geçdiler.

Iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýuumi Ýoşikawanyň Türkmenistana saparyny guramaga türkmen tarapynyň taýýardygyny mälim etdi.

Related posts

Prezident Ärdogan 9-njy gezek ata boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Malaziýanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito 62 ýaşyny belleýär

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment