SPORT

Türkmenistan bilen BAE bilelikde sport ýaryşlaryny gurnar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hamli, Klubyň ýerine ýetiriji direktory Al Nahir Al Haýliniň ýolbaşçylygyndaky Abu Dabi welosiped klubynyň wekiliýetini kabul etdi. Bu barada BAE-niň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Wekiliýet Olimpiýa şäherçesindäki birnäçe sport desgalaryna, şol sanda welotrek, türgenleriň sagaldyş merkezine, dürli muzeýlere we atçylyk merkezine baryp gördi.

Şunuň bilen baglylykda, ilçi Al Hamli bu saparyň iki tarapyň sport hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek islegini görkezýändigini, şeýle hem welosport ulgamyna maýa goýmak babatda pikir alyşmalaryň bolandygy bellenildi.

Al-Haýly hem öz gezeginde sport we sportuň welosport ugrunda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özara saparlary gurnamagyň möhümdigini belledi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda sport pudagynda, esasan hem welosiped sporty ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy