MEDENIÝET

Medeniýet hepdeligine badalga berildi

22-nji iýunda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet hepdeligi uly toý-dabara bilen açyldy. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary açylyş dabarasynyň bezegi boldy. Welaýatlardan gelen halypa bagşylardyr aýdymçylaryň, folklor we tans toparlarynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň, Annaguly Myratdurdyýewiň, Gülşat Gurdowanyň, Parahat Amandurdyýewiň, Züleýha Kakaýewanyň, Sahydursun Hojakowanyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Guwanç Ýazmämmedowyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Aşgabat» atly ajaýyp aýdymyny bilelikde ýerine ýetirmekleri toý şatlygyny has-da artdyrdy.

Şowhunly geçen baýramçylyk dabarasy milli küştdepdi tansymyzyň ýerine ýetirilmegi bilen jemlenildi.

Mukamlar köşgüniň kaşaň eýwanynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergisi guraldy.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär