MEDENIÝET

Türkmenistan GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumyna gatnaşdy

Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde ýerleşýän Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň jaýynda GDA gatnaşyjy döwletleriniň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: ynsanperwer hyzmatdaşlykda täze mümkinçilikler” atly XVIII forumy öz işine başlady. Bu foruma Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Günüň birinji ýarymynda, plenar mejlisde GDA gatnaşyjy döwletleriň wekilleri, şol sanda Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň prorektory B. Gutlymyradow dagylar çykyş etdiler.

Soňra “Arkalaşyk halklarynyň beýik Ýeňşe goşandy” atly panel görnüşli duşuşygy geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Ylym bölüminiň başlygy M.Hojagulyýewiň çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugurlary dogrusynda alnyp barylýan işleri beýan edildi. Aýratyn ünsi ýurdumyzdaky Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy  ugrunda alnyp barylýan işlere çekildi.

Şeýle hem, türkmen halkynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda beýik Ýeňşe goşandy hakyndaky meseleler boýunçapikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi