SPORT

“Barselona” topary 28-nji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy

Angliýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň futbol çempionatlaryndan soňra Ispaniýanyň çempionatynyň hem çempiony belli boldy. “Barselona” topary çempionatyň 36-njy tapgyrynda “Espanýol” toparyny 2:0 hasabynda utup, 28-nji gezek Ispaniýanyň çempiony diýen derejä eýe boldular.

Myhmançylykda geçirilen duşuşykda “Barselona” toparynyň düzüminde Lamin Ýamal we Fermin Lopez tapawutlandy.

Şeýlelikde, “Barselona” topary 36-njy tapgyryň ahyrynda 85 utuk jemledi. Ikinji orundaky “Real Madrid” topary bilen 2 tapgyr galandygyna garamazdan, aratapawut 7 utuga deň bolandygy üçin “Barselona” topary wagtyndan öň çempionlygyny yglan etdi.

Ispaniýada iň köp çempion bolan “Real Madrid” toparydyr. Bu topar 36 gezek çempionlyk derejesine eýe boldy.

“Real Madrid” toparynyň baş tälimçisi 60 ýaşyndaky german hünärmen Hans-Diter Flik bu möwsümde topar bilen Ispaniýanyň Kubogyny we Superkubogyny gazandy.

Flik mundan ozal, Germaniýanyň “Bawariýa” topary bilen 2 gezek ýurduň çempiony, şeýle Çempionlar ligasynyň kubogyny, UEFA-nyň Superkubogyny gazanypdy.

Ýene-de okaň

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy

«Bawariýa» topary 21-nji gezek Germaniýanyň kubogyny gazandy

Ukrainaly boksçy 3 guşagyny gorady

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni