MEDENIÝET

Türkiýäniň Kölegeler teatry Türkmenistanda geçiriljek halkara festiwala gatnaşýar

Ertir — 14-nji noýabrda Aşgabat şäherinde «Bagtyýar döwürde teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy bolar. Dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Dünýäniň birnäçe ýurdundan geljek teatrlaryň döredijilik toparlaryny bir ýere jemlejek halkara festiwala Türkiýe Respublikasynyň Kölegeler teatrynyň döredijilik topary hem gatnaşar.

Halkara festiwalyň çäginde Türkiýäniň Kölegeler teatry «Garagöz we Hajiwat» atly sahna eseri bilen çykyş eder. Sahna eseri15-nji noýabrda Türkmen döwlet gurjak teatrynda görkeziler. Oýun 17:00-da başlanar.

«Garagöz we Hajiwat» iki bölümli, bir perdeli kölege oýny bolup, ol Osmanlylar döwründen bäri tutuş Anadolyda meşhurdyr. Bu kölege oýny Gresiýada «Karagiozis», Bosniýa we Gersegowinada bolsa «Karaköz» ady bilen mälimdir. Bu kölege oýny halk arasyndaky rowaýatlardan, hekaýatlardan susulyp alnyp, onda hereket edýän gahrymanlara merdanalyk, şeýle hem degişme häsiýetler çaýylýar.

Bu kölege oýnunyň esasy gahrymanlary — Garagöz bilen Hajiwatyň arasyndaky özara gatnaşyklary ýumoryň üsti bilen sahnada ökdelik bilen janlandyrylýar. Oýnuň režissýory Uýsal Güýç Filizdir.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär