BILIM

Türkmenistanda wenger dili öwrediler

Mälim bolşy ýaly, Wengriýanyň Premýer-ministr Wiktor Orban 8-9-njy iýun aralygynda Türkmenistanda resmi saparda boldy. Şol saparyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar halk hojalygynyň köp sanly pudaklarynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ynsanperwe ulgamdaky gatnaşyklara, hususan-da bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçe bilim ulgamyna degişli boldy.

Şeýle hem ýurdumyzda wenger dilini öwretmek boýunça teklipler öňe sürüldi. Dostlukly ýurduň Premýer-ministr Wiktor Orban ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar meselesine degip geçip, öz ýurdunyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim alýandyklaryna örän şatdyklaryny belledi. Şunda Wengriýanyň bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň Hökümetiniň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde wenger dilini öwretmek hem-de özara Medeniýet günlerini geçirmek baradaky tekliplerine ýokary baha berdi.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar