HABARLAR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna

Eziz watandaşlar!

Hormatly atşynaslar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden hem-de uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň durmuşynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiz aýratyn orny eýeleýär. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Milli buýsançlarymyzyň biri bolan arassa ganly bedewler gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolupdyr. Ahalteke bedewleri özüniň owadanlygy, gylyk-häsiýeti, düşbüligi bilen giňden tanalypdyr.

Hormatly atşynaslar!

Bagtyýar türkmen halkyna buýsanara, guwanara zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri behişde mynasyp görülýän, gyzdan gylykly, gözelligiň nusgasydyr. Gamyşgulak bedewlerimiz halkymyzyň gymmatly hazynasydyr. Türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün dünýäni haýran galdyrýar. «Atdyr ýigidiň ganaty», «At ýaryşda, är söweşde», «At — ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýilýän nakyllardyr pähimli sözler hem biziň halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri bedewe goýýan uly hormat-sarpasynyň nyşany bolup durýar.

Eziz Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça halkara assosiasiýanyň döredilmegi we onuň ştab-kwartirasynyň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşdirilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem-de ýakyn hyzmatdaşlygy saklamaga uly mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriniň gurulmagy atşynaslarymyzyň irginsiz we ýadawsyz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Şonuň ýaly-da, ussat seýisleridir çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezleri döredilýär. Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerini guramaga niýetlenen açyk manež ýurdumyzda atly sporty ösdürmäge uly itergi berýär.

Garaşsyz Watanymyzyň atşynaslary tarapyndan ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de syn-sypatyny kämilleşdirmek we baş sanyny yzygiderli artdyrmak boýunça-da uly işler alnyp barylýar. Geljekde-de ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara tejribe alyşmak we netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin zerur işler durmuşa geçiriler. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga, döwrebap ýagdaýda guramaga döwletimiz tarapyndan geljekde-de uly goldaw berler.

Hormatly atşynaslar!

Türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz-guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr. Ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy edebi eserlerimizde hem öz beýanyny tapýar. Ata-babalarymyz öz kemala getiren bedewlerinde maksat-myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasyny görüpdirler. Bu bolsa merdana halkymyzyň öz ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirip bilmeýändigini görkezýär. Çünki türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmen öý-ojagynyň ýaraşygydyr we bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr.

Eziz watandaşlar!

Hormatly atşynaslar!

Sizi batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabaralara beslenip, giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow.

Ýene-de okaň

Aşgabatda döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumy gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitine ynsanperwer kömegini iberdi

Aşgabatda türkmen-yrak gaz hyzmatdaşlygy ara alnyp maslhatlaşyldy

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin ynsanperwer kömegini iberer

Aşgabat-Arçman-Aşgabat awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi

Ata Watan Eserleri