JEMGYÝET

Ýerli we daşary ýurtly atşynaslar hormatly adyň eýeleri boldular

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisini geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany esasynda ýerli we daşary ýurtly atşynaslar «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň eýeleri boldular.

Bu hormatly ada eýe bolanlar:

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri Hydyrguly Öwezowa, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň Lebap bölüminiň müdiri Aýdogdy Rowşanowa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Abadan daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Bäşimdurdy Şadurdyýewe, Balkan welaýatyndan hususy atşynas Allaberdi Allaberdiýewe türkmeniň baýlygy hem guwanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny köpeltmekde, ahalteke bedewleriniň tohumçylyk, önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri we gazanan ýokary netijeleri üçin, şeýle-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetleri göz öňünde tutulyp «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalary — Gazagystan Respublikasynyň «Ahal teke» atçylyk hojalyk jemgyýetiniň başlygy Ýakow Dik, kanadaly hususy atşynas Kerri Jo Stewart dagy hem «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň eýeleri boldular.

Ýene-de okaň

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Dostluk” gämisi üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik