Düýn günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň medeniýet, sungat ussatlaryndan, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerinden ybarat bolan wekiliýet Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherine geldi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.
Meýilnama laýyklykda, döredijilik saparynyň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlary bilelikdäki türkmen-täjik dostluk konsertine, Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumy bilim berýän orta mekdebiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşarlar.
Şu gün saparyň ikinji güni köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin Duşenbe şäheri bilen tanyşlyk çäresi guraldy. Onuň çäklerinde Täjigistanyň Garaşsyzlyk binasy, bitewi binagärlik ansamblyny düzýän «Dostluk» meýdançasy, Döwlet tugrasy şekillendirilen ýadygärlik, iň uly baýdak meýdançasy, Milli kitaphanasy, nusgawy täjik şahyry Rudakynyň adyny göterýän seýilgäh we başga-da birnäçe tebigy, taryhy ýerler bilen tanyşdyryldy.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. 2021-nji ýylda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrmagy, onuň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebitiň beýleki ýurtlary bilen birlikde, täjik sungat ussatlarynyň hem çykyşlaryna giň orun berilmegi, 2022-nji ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzda dostlukly döwletiň Medeniýet günleriniň geçirilmegi iki ýurduň we halkyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň subutnamalarydyr. Ine, ýene-de iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjydyr şahyrlary, žurnalistleri we alymlary ýürekdeş dostlar, gadyrly garyndaşlar hökmünde gadymy täjik topragynda duşuşdylar.
Giň gerimli maksatnama laýyklykda, türkmen wekiliýetiniň Täjigistana saparynyň çäklerinde muzeý işgärleriniň sergisiniň, alymlaryň ylmy-amaly maslahatynyň, şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklardyr geňeşmeleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.