JEMGYÝET

Türkmenistanda geçiriljek saýlawlar barada käbir gyzykly maglumatlar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka – Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary we Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň başlygy hasabatlar bile çykyş etdi.

26-nji martdan geçiriljek saýlawlar barada käbir maglumatlar şeýle:

  • Saýlawlara ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň edaralary boýunça jemi 71 dalaşgär gatnaşýar. Toplumyň Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky düzüm birliklerinde saýlaw uçastoklarynyň 6-sy gurnaldy.
  • Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň saýlawlara işjeň gatnaşmagy ugrunda taýýarlyk işleri durmuşa geçirildi. Nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky kärhanalarda jemi 52 sany saýlaw uçastogy döredildi. 26-njy martda saýlawlaryň geçirilýän gününde nebitgaz toplumynda işleýän, ýaşaýan ýerinden uzakda gatnaw ugrunda zähmet çekýän 11 müňden gowragyň işgäriň degişli düzgünlere laýyklykda ses bermekleri göz öňünde tutulýar.
  •  Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli kärhanalar tarapyndan paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky saýlaw uçastoklarynda raýatlarymyza söwda we beýleki hyzmatlary hödürleýän göçme nokatlaryň 269-sy guraldy. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda, hünärment mekdeplerinde saýlaw uçastoklarynyň 10-sy hereket edip, olarda raýatlarymyzyň ses bermegi üçin ähli şertler döredildi.
  • Häzirki wagtda saýlawlara taýýarlyk görlüşi baradaky maglumatlar teleradioýaýlymlarda, metbugatda we internet saýtlarynda yzygiderli berilýär.
  • Saýlaw uçastoklarynyň işi adatça bolşy ýaly, irden döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlanar. Olaryň her birinde milli däplerimize laýyklykda, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guralar.
  • Saýlawlaryň geçirilişi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan ediler.
  • Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi topary tarapyndan ýurdumyz boýunça saýlaw uçastoklarynyň 2644-si döredilip, olaryň 1850-si bilim edaralarynyň, şeýle hem 9-sy saglygy goraýyş edaralarynyň, 71-si sport mekdepleriniň we desgalarynyň binalarynda ýerleşýär.
  • Türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça ýurdumyza Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary geldi.
  • Öňümizdäki jemgyýetçilik-syýasy çärä Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Türki Döwletleriň Guramasynda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, şeýle hem birnäçe ýurtlardan synçylar gatnaşar.
  • Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsullyk edaralarynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi. 16-njy martda olarda möhletinden öň ses bermeklik başlandy.
  • Bu saýlawlara dünýä bileleşigi tarapyndan hem uly gyzyklanma bildirilýär.
  • Saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi sanly ulgam arkaly Merkezi saýlaw toparynyň web saýtynda göni ýaýlymda görkeziler.

 

Ýene-de okaň

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy