JEMGYÝET

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Hytaýda dostluk saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen duşuşykdan soňra sowgat alyşmak dabarasy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewini sowgat berdi. Bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pajarlap ösýändigini alamatlandyrýan ajaýyp waka boldy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ajaýyp sowgady buýsanç bilen kabul edip, Hytaýda ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýandygyny belledi.

Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si SzinpinTürkmenistanyň meşhur ahalteke bedewleriniň watanydygyny belläp, mundan 12 ýyl ozal özüne Gahryman atly ahalteke bedewiniň sowgat berilýändigini uly buýsanç bilen ýatlap geçdi.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Hormatly Arkadagymyz Prezident Ärdogany Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti türk işewürlerini kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi