JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Hytaýda dostluk saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Bu barada “Sinhua” agentligi habar berdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistan bilen tebigy gaz, söwda we çig mal däl pudaklarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny mälim etdi.

Si Szinpin bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmeginiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem Hytaýyň Başlygy çig mal däl pudaklar, hususan-da, ulag arabaglanyşygy, oba hojalygy, emeli aň, sanly ykdysadyýet we arassa energetika ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Related posts

Dünýädäki iň uly aýsberg Antarktidadan aýryldy

Aşgabatlylar welosiped kärendesine berýän kärhananyň hyzmatlaryndan köpçülikleýin peýdalanýarlar

İran Cumhurbaşkanı, Türkmenistan heyetini kabul etti

vepa