BIZNES

Ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berildi

Şu gün — 24-nji martda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine girişildi. Döwletli işe welaýatlaryň il sylagly ýaşululary ak pata berdi.

Şu ýyl Ahal welaýatynyň babadaýhanlary 135 müň gektarda gowaça ekişini geçirip, şol ýerden 280 müň tonna pagta hasylyny almagy maksat edinýärler. Balkanly daýhanlar bolsa 13 müň gektar meýdana gowaça ekip, 16 müň tonna hasyl almagy wezipe edip goýdular.

Lebap welaýatynda gowaça ekişi üçin bölünip berlen 130 müň gektar meýdanda agrotehniki çäreleri geçirmek üçin topragy ýumşadyjylaryň 80-den gowragyndan, dişli boronalaryň 7770-sinden, malalaryň 545-sinden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Mary welaýatynda şu ýyl 162 müň gektar ýere gowaça ekmek ugrundaky asylly işe badalga berildi.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine 29-njy martda ak pata berler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi