JEMGYÝET

Türkmenistan Rejep Taýyp Ärdogany parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemegi teklip edýär

Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherindäki Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary ýokary derejedäki sammitinde çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen indi 22 ýyldan bäri ýakyndan tanyşdygyny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň adyndan Türk Liderine şu ýyllaryň içinde Türkmenistana beren goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Baştutany dünýäde görnükli şahsyýet, dünýä derejeli syýasy işgär bolup durýar. Ol diňe bir öz halkynyň däl, ähli musulman halklarynyň parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda hem uly işler alyp barýar.

Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Lideriniň tutuş sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmegi we raýdaşlygy berkitmek barada uly tagallalar edýändigi bellenildi.

Şuny göz öňünde tutup, Türkmenistan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemegi teklip edýär. Biz bu ugurda teklipleri doly goldaýarys, ol bu halkara baýragyna mynasyp ýolbaşçydyr, diýip Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabatda 2027-2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagty yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard dollardan geçdi

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Moskwada geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri