JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Mihail Mişustini doglan güni bilen gutladylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsüni we goldawyny nygtap, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyna berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, Russiýanyň Premýer-ministriniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň, işewürlik maslahatynyň özara bähbitli türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm tapgyra öwrülendigini belledi hem-de hyzmatdaşlygyň dostlugyň we ynanyşmagyň iň gowy däpleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabatda 2027-2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagty yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard dollardan geçdi

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Moskwada geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri