JEMGYÝET

Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Ankarada geçiriler

Şu ýylyň 16-njy martynda Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary ýokary derejedäki sammiti geçiriler. Bu barada guramanyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Azerbaýjanyň teklibi bilen geçirilmegi meýilleşdirilen bu sammit Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdoganyň başlyklyk etmeginde Prezident köşgünde geçiriler. Sammite gurama agza we synçy döwletleriň Baştutanlarynyň we hökümet başlyklarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sammitde Tükriýäniň günorta we günorta-gündogar sebitlerinde bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly emele gelen adatdan daşary ýagdaýlar barada pikir alşylar. Ýolbaşçylar adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek üçin guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn, ygtybarly hem-de berk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy mehanizmleri döretmek, şeýle hem sebitdäki meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Mälim bolşy ýaly, gurama agza we synçy döwletler Türkiýäniň bu kyn günlerinde duýgudaşlyk we raýdaşlyk görkezip, dürli möçberde ynsanperwer kömeklerini berdi.

Sammitiň ahyrynda döwlet Baştutanlary Ankara Jarnamasyna gol çekerler.

Şeýle hem şol gün irden Türki Döwletleriň Guramasynyň agza we synçy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirilip, onda döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň gün tertibindäki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Nobatdan daşayr sammite Binali Ýyldyrymyň ýolbaşçylygyndaky Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalary, guramanyň beýleki düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

2009-njy ýylda Türki geňeş döredildi we 2021-nji ýylda Stambulda geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitinde onuň ady üýtgedilip, Türki Döwletleriň Guramasy diýlip atlandyryldy. Şol sammitde hem Türkmenistana bu guramada synçy derejesini bermek baradaky çözgüt kabul edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar