JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanda “Dostluk” ordeni bilen sylaglandy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde ilkinji gezek giňişleýin düzümde geçirilýän XVI BRIKS Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti saparyň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Tatarystanyň Baştutany hormatly Prezidentimize türkmen halkynyň Milli Lideriniň binýadyny tutan dost-doganlyk gatnaşyklaryny dowam etdirýändigi, şeýle hem özara hyzmatdaşlygy giňletmek ugrunda tagalla edýändigi üçin hoşallyk bildirdi.

– Biziň hyzmatdaşlygymyzyň baý taryhy bar. Ähli ugurlarda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Biziň kompaniýalarymyzyň gatnaşýan taslamalary oňat netijeler berýär – diýip, Rustam Minnihanow belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Kazanda görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, “Tatarystan Respublikasy okgunly ösýär we şeýle möhüm sammitleriň geçirilýän ýerine öwrüldi” diýip belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidentini “Dostluk” (“Duslyk”) ordeni sylaglady. Hormatly Prezidentimiz bu baýragyň döwletara hyzmatdaşlygynyň nyşanyna öwrüljekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar