Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator 292» ýaryşynyň çäginde litwaly Julius Englikas bilen nobatdaky tutluşygyna çykdy.
Ýarym agyr agramda “ACA” ýaryşynyň ozalky çempiony Döwletjan Ýagşymyradow ABŞ-nyň Kalifornýa ştatynda “Bellator” ýaryşynyň çäklerinde nobatdaky tutluşygyna çykdy. Onuň garşydaşy Julius Englikas boldy.
“Bellator” ýaryşlarynda çykyş edýän ilkinji türkmen türgnei bolan D,wletjan bilen Englikasyň tutluşygy 3 döwden ybarat boldy. 5 minutlyk her döwde Döwletjanyň artykmaçlyklary ýüze çykdy. Şeýlelikde, Döwletjan Ýagşymyradow garşydaşyna görä, has çeýe durup, teýkdaun boýunça 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy.
Eminler agzalary biragyzdan bu tutluşygyň ýeňijisi diýip, türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradowy yglan etdiler.
Döwletjan Ýagşymyradow başa-baş göreş boýunça ýaryşlarda 20-njy tutuluşygyny, “Bellator” ýaryşlarynda 2-nji ýeňşini baýram etdi.
Englikas öz gezeginde başa-baş göreş ýaryşlarynda 14-nji tutluşygynda 4-nji ýeňlişine sezewar boldy.
Türkmen pälwany soňky gezek “Bellator” ýaryşlarynda Rafael Karwalýony ýeňipdi.