JEMGYÝET

Türkmenistandan Türkiýä 11 tonnadan gowrak ynsanperwer kömegi iberildi

Mälim bolşy ýaly, 6-njy fewralda Türkiýe Respublikasynda güýçli ýertitreme bolup, köp sanly adam pidalaryna we uly weýrançylyklara getiripdi.

Şol günden başlap, Türkmenistan döwletimizden Türkiýä Respublikasyna yzygiderli ynsanperwer kömekleri iberilip gelinýär.

Türkmenistanyň Zenanlar guramasy we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramaçylygynda ýene-de 11 tonnadna gowrak ynsanperwer kömegi Türkiýäniň tebigy betbagtçylyk bolan sebitlerine iberildi.

Zenanlar guramasy 4,1 tonna, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bolsa 6,8 tonna ynsnaperwer kömegini iberdi. Şol ynsanperwer kömekleriniň arasynda arassaçylyk serişdeleri, egin-eşikler, azyk önümleri we beýlekiler bar.

Mälim bolşy ýaly, 28-nji fewralda Türkmenistanyň Zenanlar guramasy Türkiýä 8,6 tonna ynsanperwer kömegini iberipdi.

Related posts

Petrol sektörüne 600 milyon dolarlık Joint venture yatırımı

vepa

Türkmen Liderinin Yeni Kitabı Tanıtıldı

vepa

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Leave a Comment