JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitinde öňe süren başlangyçlary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynda boldy.

Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe möhüm teklipleri öňe sürdi.

Ilkinji nobatdaky wezipeleriň arasynda biz Goşulyşmazlyk Hereketine girýän ýurtlaryň ylmy-lukmançylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň ulgamlaşdyrylmagyny görýäris. Howply ýokanç kesellere garşy göreşmekde tejribäni, usulyýetleri alyşmagy işjeňleşdirmek, bu işi yzygiderli we hemişelik esasda ýola goýmak talap edilýär. Men ýurtlarymyzyň her biriniň hemmelere zerur bolup biljek gymmatly tejribesiniň üstünlikli mysallarynyň bardygyna ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, biz Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça biziň birleşigimiziň ähli agzalary üçin elýeterli bolan Bitewi maglumat we usulyýet bankyny döretmegiň üstünde oýlanmagy teklip edýäris. Bu ugurda bilelikde işlemek üçin Goşulyşmazlyk Hereketiniň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyny çagyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn. Maslahata tejribe geçýän lukmanlary, alymlary, bilermenleri, lukmançylyk bileleşiginiň beýleki wekillerini, täze howplara garşy durmaga we onuň bilen bagly ýagdaýlary ýeňip geçmäge gatnaşýan başga düzümleri hem-de edaralary çekmeli diýip pikir edýärin, diýip Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

 

Related posts

Yurt dışı mezunlar için iş imkânı

vepa

Bitaraplygyň 25 ýyllygy: 25 million bag nahaly ekiler

Ata Watan Eserleri

Köne traktorlaryň aşygy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment