DÜNÝÄ

Türkmenistandan Türkiýä 8.6 tonna ynsanperwer ýüki iberildi

Türkmenistanyň zenanlarynyň adyndan ynsanperwerlik kömeginiň nobatdaky tapgyry Türkiýe Respublikasyna ugradyldy. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral özüniň «Twitter» hasabynda mälim edýär.

Nobatdaky kömegiň möçberi 8,6 tonna barabardyr. Onuň hatarynda lukmançylyk we bejeriş serişdeleri, gyşky geýimler, düşekçeler we beýleki zerur zatlar bar. Ilçi Togan Oral nobatdaky ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistanyň Zenanlar birleşigine hoşallygyny mälim etdi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna saparyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ýaponiýada täze hökümet düzüldi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment