JEMGYÝET

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň Türkmenistana sapary

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistanda saparda bolýar. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Instagram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

BAE-niň resmi habarlar gullugynyň hem habar bermegine görä, BAE-niň wise-premýeri, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikler geçirdi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistanyň Prezidentine Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gyzgyn salamyny ýetirdi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky nebitgaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa, maliýe we bank pudaklary, şeýle hem logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE amala aşyran resmi saparynda kabul edilen bilelikdäki jarnamanyň möhüm ähmiýetini bellediler.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistana amala aşyran gysga wagtlyk saparyndan soňra öz ýurduna gitdi.

Related posts

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi geçirildi

vepa

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlaýarlar

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment