BIZNES

Birža täzelikleri: owgan telekeçileri ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini we polipropileni satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen önümlere ýokary isleg bildirildi: Owganystanyň telekeçileri ECO-93 kysymly awtobenzini, Hytaýyň, BAE-niň işewürleri bolsa tehniki ýody satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Irlandiýanyň hem-de Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 109 million 250 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkiýäniň telekeçileri jemi bahasy 262 müň 500 manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi