MEDENIÝET

Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleri geçirilýär

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy.

Eýranyň Türkmenistanda geçirilýän şu gezekki Medeniýet günleri dostluk we düşünişmek ýörelgelerini berkitmegi maksat edinýän iki halkyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda nobatdaky täze sahypany açar.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen Eýranyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, daşary döwletleriň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Mukamlar köşgüniň sahnasynda Eýranyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny meşhur halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijileriň, “Kormanj” we “Ronak” belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary düzdi. Joşgunly el çarpyşmalar eýran halkynyň kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän däp-dessurlaryna ygrarlydygyny görkezýän sportuň gadymy görnüşleriniň wekilleriniň ýokary ussatlygyna berlen mynasyp baha boldy.

Dostlukly ýurduň artistleriniň konserti 13-nji fewralda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hem geçiriler. Şeýle-de şol gün Medeniýet günleriniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýranyň amaly-haşam sungatynyň sergisi açylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ermenistanda 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy

Arkadag şäherinde goşa baýrama bagyşlanan dabaralar

«Hary bülbül» atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy

Bolgariýa ilkinji gezek «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Neşirýat ulgamynyň kanunçylyk esaslary pugtalandyrylar

Türkmenistan Azerbaýjanda “Harybülbül” festiwalyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri