Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda möhüm resminama gol çekildi.
Şoňa laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa goýumlaryň goýulmagyna garaşylýar.
Önümçilik desgalarynyň gurluşygyna 20 milliard 800 million manat maýa goýumy gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göteriminden ybaratdyr. Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 16 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek bellenilýär. Munuň özi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr.
Şu ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 1 million 58,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler.
Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de 4000 orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 23 sany ýaşaýyş jaýyny, kuwwatlylygy 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Şonuň ýaly-da, sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny, Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäginde täze obalary, şeýle hem 600 baş ahalteke bedewi üçin döwrebap athanany ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Şu ýyl Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamlary, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, 15 sany orta mekdebi we 3 sany çagalar bagyny işe giriziler.
