BIZNES

Germaniýa bilen Norwegiýa wodorod üçin turbageçiriji gurar

Germaniýanyň wise-kansleri Robert Habek we Norwegiýanyň Premýer-ministri Ýonas Gar Store iki ýurduň arasynda energiýa pudagynda strategiki hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar. 2030-njy ýyla çenli Germaniýany wodorod bilen üpjün etmek üçin turbageçiriji gurmak meýilleşdirilýär.

Germaniýa bilen Norwegiýa energiýa we howany üýtgemegine garşy göreşmek babatda uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar.

Ilki bilen Norwegiýanyň “Equinor” kompaniýasy bu turbageçirijiniň üsti bilen Germaniýany tebigy gaz, soň bolsa Germaniýanyň RWE kompaniýasy tarapyndan satyn alynjak täzelenýän energiýa bilen öndürilen wodorod iberer.

Şeýle hem Germaniýa bilen Norwegiýa, täzeçil tehnologiýa arkaly kömürturşy gazyny ýerastynda saklamak pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär.

 

 

Related posts

Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz ibermekde lider bolmagynda galýar

Ata Watan Eserleri

TIF 2026: türkmen işewürleri Mitsubishi, John Deere ýa-da Samsung bilen duşuşygy nähili belläp bilerler we bu işi näme üçin şu günden amala aşyrmaly

“Gündogdy” kompaniýasy Türkmenistandaky üçünji howa menzilini gurýar

Leave a Comment