JEMGYÝET

Türkmenistanda täze maliýe we ykdysadyýet ministri wezipä bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň halk hojalygynda 2022-nji ýylda gazanylan netijelere bagyşlanan mejlisiň barşynda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhamemtgeldi Serdarowy bu wezipeden boşatdy.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine ozal ministriň orunbasayr wezipesinde işlän Serdar Joraýew bellendi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Related posts

Ankara’da Türkmenistan konulu toplantı gerçekleştirildi

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy

Migrasiýa Gullugy habar berýär

vepa

Leave a Comment