Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän syýasat ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm orny eýeleýär.
Häzirki wagtda nebitgaz pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap toplumlary gurmak, täze nebitgaz ýataklaryny, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini we “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan çalt depginlerde özleşdirmek, bu işde ulanylýan sanly tehnologiýalaryň gerimini giňeltmek babatda ägirt uly işler amal edilýär. Hytaýa we Eýrana gaz geçirijiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly ägirt iri taslamalara döwletimiziň halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşandy hökmünde garamak bolar.
Gaz senagatynda täze taslamalary durmuşa geçirmek döwletimiziň syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýän wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýän önümleriň möçberini artdyrmaga we görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen ägirt uly döwrebap kärhanalaryň kuwwaty artdyrylýar.
Şolaryň hatarynda polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawody we beýleki iri desgalary görkezmek bolar.
Gyýanlydaky zawodda Türkmenistan üçin täze önüm bolan ýokary dykyzlykdaky polietileniň önümçiliginiň ýola goýlandygyny bellemek gerek. Türkmen polietileni dünýä we içerki bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Ol tehniki we durmuş maksatly önümleri, plýonkalary, paketleri, kommunikasion turbalary, elektrik kabellerini saraýjylary öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýar. Ondan durmuş himiýasy üçin gaplar, oýnawaçlar, gap-gaçlar we beýlekiler taýýarlanylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda pes dykyzlykly polietilen, izobutan, metanol, poliwinilasetat, suwuk hlor, natriý sulfatyny öndürmek boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda “geljegiň ýangyjy” strategiýasy hökmünde işlenip taýýarlanylýan wodorodyň önümçiliginiň ýola goýulmagyna aýratyn üns berler. Bularyň hemmesi ykdysadyýeti pugtalandyrmaga, eksportda ýokary goşulan bahaly önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Eziz Perhadow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
