DÜNÝÄ

Pakistan Türkmenistan bilen energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegi maksat edinýär

Pakistan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) elektrik geçiriji taslamalarynyň öz wagtynda tamamlanmagyna ygrarly bolup galýandygyny belledi. Bu barada Pakistan Milli Assambleýasynyň Başlygy Raja Perwez Aşraf Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi.

Pakistanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysy Pakistanyň döwlet nebit ministri Musadik Maligiň ýolbaşçylygyndaky tehniki wekiliýetiň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda geçiren netijeli duşuşyklaryna ýokary baha berdi.

Söwda-ykdysady meseleleri babatda çykyş eden Pakistan Milli Assambleýasynyň Başlygy ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň zerur bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistan tarapyny Pakistanyň Gwadar, Ben-Kasim we Karaçi deňiz portlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy. Bu portlar Ýakyn Gündogar, Afrika we sebitiň beýleki ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredip biler.

Parlament ýolbaşçysy Merkezi Aziýa döwletleri bilen 5 möhüm ugurda – syýasatda, söwdada, maýa goýumda, energetikada we aragatnaşykda, howpsuzlykda we goranyş ulgamynda durnukly gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Türkmenistanyň ilçisi hem öz nobatynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki derejesinde uly kanagatlanma bildirip, syýasy, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy