BILIM

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binasy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmagynda Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binasyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 20-nji martyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Related posts

JICA agentligi türkmen talyplaryna mugt emeli aň okuwlaryny hödürlär

Innowasion tehnologiýalar babatda halkara maslahat

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Leave a Comment