JEMGYÝET

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlady

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Ge­ňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri dalaşgärleri hödürlemek işleridir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda,  dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanýar we otuz galanda tamamlanýar.

Şeýlelikde, dalaşgärleri hödürlemek işleri 2023-nji ýylyň 25-nji ýanwary – 24-nji fewraly aralygynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi