SPORT

Messi bilen Ronaldonyň duşuşygynyň biletiniň bahasy 2,6 million dollar

Lionel Messili Fransiýanyň “PSŽ” topary bilen düzüminde Kristiano Ronaldo bolan Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” we “Al-Hilal” toparlaryndan düzülen saýlamam toparyň arasynda duşuşyk geçiriler. Bu duşuşyk belki, Messi bilen Ronaldonyň garşydaş hökmünde oýnajak soňky duşuşyklaryň biri bolup biler.

Bu duşuşygyň biletleriniň biri auksionda satyldy. Ony Saud Arabystanynyň işewüri Muşref al-Gamdi 2,6 million dollara satyn aldy. Saud işewüri gozgalmaýan emläk söwdasyny amala aşyrýar.

Haýyr-sahawat auksionynda staylan bilet üçin 2,6 million dollar tölendi. Bu bileti satuwa Saud Arabystany Patyşalygynyň Şa köşgüniň we dynç alyş işleri boýunça baş müdirligiň geňeşçisi Turki al-Şeýh çykardy.

Bilet öz gezeginde birnäçe ýeňillikleri özünde jemleýär. Ony satyn alan adam futbolçylar bilen geýim çaly’ýan otagda surata düşüp biler.

Duşuşyk Er-Riýad şäherindäki Patyşa Fahd stadionynda geçiriler. Oňa “Altyn pökgi” baýragyna 7 gezke mynasyp bolan Lionel Messi bilen şol baýragy 5 gezek gazanan Kristiano Ronaldo gatnaşar.

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi