SPORT

Luis Suares ýene-de Messi bilen bilelikde oýnar

ABŞ-nyň “Inter Maýami” topary urugwaýly futbolçy Luis Suares bilen şertnama baglaşar. Amerikanyň topary 36 ýaşyndaky futbolçyny öz düzümine goşjakdygyny habar berdi.

Şeýlelikde, Suares ýene-de Lionel Messi bilen bilelikde oýnar. “Inter Maýami” toparynda Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň 4 futbolçysy jemlendi. Olar: Lionel Messi, Serži buskets, Žordi Alba hem-de Luis Suares.

Luis Suares bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti 2024-nji ýylyň ahyrynda tamamlanar. Taraplar 1+1 görnüşinde şertnama baglaşarlar.

2023-nji ýylda Suares “Gremio” toparynyň düzüminde çykyş edip, Braziliýanyň iň gowy futbolçysy saýlandy. Ol 17 gol geçirdi. Bu topar bilen şertnamasy 31-nji dekabrda tamamlanýar.

Luis Suares Lionel Messi bilen 2014-2020-nji ýyllarda Ispaniýanyň “Barselona” toparynda bilelikde oýnadylar.

Related posts

Ýanwar-noýabr aýlary: türkmen türgenleri 739 medal gazandy

“Baýer” topary 61 ýyllyk rekordy gaýtalady

UEFA 2020-nji ýylyň nusgalyk düzümini yglan etdi