DÜNÝÄ

TOBB-yň Başlygy Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň (TOBB) başlygy Rifat Hisarjyklyogly Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew bilen duşuşdy.

TOBB-yň resmi internet sahypasynda orun alan habara görä, Rifat Hisarjyklyogly bilen Türkmenistanyň ilçisi Türkmenistan bilen Tükriýäniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň türk dilindäki neşirini sowgat berdi.
Öz gezeginde TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyogly bolsa, Türkmenistanyň ilçisine “Dädem Gorkut” kitabyny sowgat berdi.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşypdy. Bu duşuşyk “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň-Türkiýäniň-Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň geçirilen döwründe bolupdy.
Türkiýäniň işewürler düzümleri Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.

Related posts

Soňky 30 ýylda ilkinji gezek ýitgi çekdi

Şaşka bäsleşigi “Watan” habarlarynda

vepa

Maduro täzeden prezidentlige saýlandy

Leave a Comment