DÜNÝÄ

Kubanyçbek Ömüraliýew: Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň işine ýakyndan goldaw berýär

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewden Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy. Şol gutlag hatynda Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklara ýokary baha berilýär. 

Hususan-da gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Türki Döwletleriň Guramasynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi täze, 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we Size berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Geçen ýylyň noýabr aýynda guramanyň Samarkant şäherinde geçirilen döwlet Baştutanlarynyň taryhy sammiti oňa agza we synçy döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykardy. Biz “Türki dünýäniň geljegi — 2040” başlangyjynyň çäklerinde has-da ýakynlaşmak ugrundaky işleri mundan beýläk-de dowam etdireris.

Pursatdan peýdalanyp, geçen ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda mähirli kabul edilendigim üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymy bildirmek isleýärin. Siziň Alyhezretiňiz bilen duşuşygymyz ýakyn döwür üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik döretdi diýip hasaplaýaryn. Şeýle hem biziň guramamyzyň işine goldaw berýändigiňiz üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirýärin we 2023-nji ýylyň biziň sebitimiz, ýurtlarymyz we tutuş adamzat üçin örän netijeli bolmagyny arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Marlen Mamataliýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistanyň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Kasymaliýew Türkmenistanda: Gyrgyzystanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 7 milliard dollardan geçdi

Ali Asadow: GDA-nyň ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi