DÜNÝÄ

Modiniň ejesi 99 ýaşynda aradan çykdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň ejesi Hiraben Modi hassahanada 99 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada metbugat neşirleri habar berýär.

Modiniň ejesi Ahmedabad şäherindäki U.H. Mehta adyndaky kardiologiýa institutynyň hassahanasynda bejergi alýardy.

Şu ýylyň iýunda aýynda Hiraben Modi 99 ýaşady. Şu hepdäniň ortalarynda Modi hassahana ýerleşdirildi. Ogly Narendra Modi ejesini hassahanada baryp gördi.

Hiraben Modiniň aradan çykmagy zerarly ýurduň syýasy wekilleri Narendra Modä gynanç bildirdiler.

Related posts

Nobel baýragynyň eýeleri bu baýragy öz ýurtlarynda alarlar

Türkmen diplomatlary Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment