Ozal ABŞ bilen Russiýa kosmos giňişliginde köp sanly maksatnamalayr durmuşa geçirýän bolsa, soňky ýyllarda olaryň hataryna Hytaý, Hindistan we Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girýän ýurtlar goşuldy.
Mälim bolşy ýaly, Neil Armstrongyň Aýa aýak basmagynyň üstünden 53 ýyl geçdi. Şondna bäri kosmos giňişliginde köp sanly maksatnamalar durmuşa geçirildi.
2023-nji ýylda ýene-de köp sanly ýurt bu ugurda iş geçirmegi göz öňünde tutýar.
Hindistan Aýdaky ylmy-barlag işlerini güýçlendirmek maksady bilen “Çandraýaan” maksatnamasynyň 3-nji tapgyryny işe girizer. Aziýanyň ýurdy 2008-nji ýylda “Çandraýaan 1” kosmos gämisi iberipdi.
Russiýa günorta polýar sebitinden nusgalary ýygnamak üçin 2023-nji ýylyň iýul aýynda “Luna 25” missiýasyny başlatmagy maksat edinýär.
ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugy (NASA) Gün ulgamyndaky gadymy planetanyň galyndysy hasaplanýan 16 Psiheýa atly asteroidi öwrenmek üçin 2023-nji ýylda “Psiheýa” kosmos gämisini uçurar.
Indiki Aý missiýasyny 2024-nji ýylda “Artemis II” atly ulag bilen başlamagy maksat edinýär.
Şeýle hem NASA, 2026-njy ýyla çenli “Artemis III” missiýasyny ýola goýup, ilkinji aýaly we ilkinji garaýagyz adamy Aýa ibermegi maksat edinýär.
Hytaý kosmosda Russiýa bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmek isleýär. Şeýle hem Hytaý 2035-nji ýyla çenli Russiýa bilen Aýda bilelikdäki stansiýasy döretmek meýilnamasyny göz öňünde tutýar.
Ilon Maskyň eýeçiligindäki “SpaceX” kompaniýasy 2023-nji ýylda Aýa syýahat etmegi meýilleşdirýär.
Türkiýäniň kosmos gullugy (TUA) halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde, 2023-nji ýylyň ahyrynda Aýa kosmos gämisini gondurmagy maksat edinýär. Maksatnamanyň ikinji tapgyry 2028-nji ýylda amala aşyrylar.