Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Egerde araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 27 -nji dekabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Gün negatiw tendensiýalary getirýär. Islendik synanyşygyňyz islenýän netijeleri bermez. Aragatnaşygy azaldyň, täze tanyşlaryňyzy aýyryň – çakdan aşa ynanjaňlygyňyz maksadyňyza ýetmekde päsgelçilik döreder.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Durmuş potensialy azalýar. Köp kynçylyk getirjek söýgi duşuşygy bolup biler. Artykmaç aladalary etmejek boluň. Siziň çakdanaşa ynanjaňlygyňyz ýoldaşyňyzyň hakyky niýetlerini duýdurman biler. Gören düýşüňiz bir aýyň dowamynda amala aşmagy mümkin.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Özüňi höweslendirmek meýli, ýalňyşlaryňyzy boýnuňyza almazlygyňyz işde öňegidişligiň öňüni alar. Bu gün kosmiki energiýalaryň üýtgemegi bilen baglanyşykly, şonuň üçin ýürek meselelerinde kyn bolup biler. Garaşylmadyk söýgi meselelerini çözüp bilmezligiňiz mümkin. Planetalar adaty bolup duran zatlary bulaşdyrmazlygy maslahat berýärler – belki kynçylyklaryň köpüsi öz-özünden ýok bolar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Öz-özüňize erk etmegi we rahatlygy saklaň. Bolýan zatlara reaksiýa bildirmäň – köp zat diňe size bagly däl. Bu gün döredijilikli pikirleri, maýa goýumlary, uly satyn alyşlar bilen baglanyşykly ýagdaýlary durmuşa geçirmek üçin amatsyz. Günüň ikinji ýarymynda erbet habar ýa-da saglygyň erbetleşmegi ähtimal.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Täze romantiki güýmenjäniň bolmagy ähtimal, ýöne ähli zadyň diňe gowy tarapyny yzarlamak duýgularyň çuňlugyny ýa-da niýetleriň çynlakaýlygyny görkezmäge mümkinçilik bermez. Bu gün düýşler amala aşyp biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Öňki toplanan negatiw energiýalardam azatlyk güni. Erbet endikleri ýok etmek bu gün size başardar. Netijede, adatdan daşary ýeňillik duýarsyňyz. Duşuşyklar, tanyşlar, gatnaşyklar üçin amatly. Uly söwdany etmäň. Çünki olar gereksiz we amatsyz bolup çykarlar. Iýmitiňize aýratyn üns beriň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Mizan aýal-gyzlarynyň köne arzuwlaryny amala aşyrmagy ýa-da şahsy durmuşynda üstünlik gazanmagy mümkin. Mizan erkekleri gaty ägä bolmaly. Bu gün siz nädogry hereketleriňiz bilen wepaly dostuňyzy ýitirip bilersiňiz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Häzirki wagtda emosional gahar-gazap bolup biler. Garaşylmadyk wakalaryň we habarlaryň bir topary sizi bulaşdyrar. Bolýan zatlaryň hemmesini yzarlamaga, hemme zady pikirlenmäge, netijä gelmäge wagtyňyz bolmaz. Günüň ahyryna çenli hemme zady anyklap bilersiňiz we hatda ýagdaýy öz peýdasyna ulanyp bilersiňiz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Aragatnaşyklar, geleşikler, nikalar üçin amatly gün. Ýyldyzlar şeýle bir gowy ýerleşýär welin, islendik işde ilkinji gezekde üstünlik gazanarsyňyz. Ýerokarky güýçleriň göze görünmeýän goldawyny duýarsyňyz. Duýgy durmuşy kem-kemden kadaly ýagdaýa geler.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Häzir maşgala agzalary bilen ýakynlaşmak üçin amatly wagt ýetip geldi. Birnäçe gün ozal möhüm hasap eden meseleleriňiz özüni ýatladar. Şonuň üçin geçmişe azajyk yza gaýdyp gelmeli bolarsyňyz. Mundan başga-da, köp dawa-jenjel, ownuk kynçylyklar, garaşylmadyk duşuşyklar we gepleşikler bolar.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Günüň birinji ýarymy saglygyň ýaramazlaşmagy, esassyz nerw bolup biler. Gödek hereketlerden, kararlardan we netijelerden saklanmaga synanyşyň. Bu gün çagalaryňyz bilen gezelenç etmek üçin iň amatly gün. Günüň ikinji ýarymynda daluwlaryň köpüsi geljege gidip, durmuş ýoldaşynyň kalbyna düşünip we döredijilik hyjuwlaryny hakykata geçirip bilerler.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu günüň wakalary nerw ulgamyna we psihikaňyza ýaramaz täsir edip, dawa-jenjellere sebäp bolup biljek tolgunma we gaharjaňlygy döredip biler. Elbetde, bu dürli täsirlerden we tejribelerden, kynçylyklardan doly ozalky hepdeleriň netijesidir.