TEHNOLOGIÝA

“Porsche” kompaniýasy elektrik ýangyjyny öndürip başlady

Germaniýanyň awtoulag öndürijisi “Porsche AG” elektrik ýangyjyny (sintetiki ýangyjyň bir görnüşi) öndürip başlady we bu önümçiliginiň kuwwatyny ýylda birnäçe million litre çenli artdyrmak meýilnamasyny yglan etdi.

Şeýlelik bilen bu kompaniýa, Çilidäki hyzmatdaşy “Highly Innovative Fuels” şereketi bilen bilelikde Çilide ilkinji zawodyny açdy.

Başlangyç tapgyrda zawodyň kuwwaty ýylda 130 müň litr ýangyç önümçiligine deň bolar, bu awtoulag sporty üçin ulanylar. Soňra, 2025-nji ýyla çenli kärhana önümçiligi ýylda 55 million litre, 2027-nji ýyla çenli bolsa ýylda 550 million litre çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.

Geljekde “Porsche” kompaniýasy müşderilere paýlamak üçin nebit kompaniýalaryna elektrik ýangyjyny satmagy maksat edinýär.

Elektrik ýangyjy, suw, wodorod we kömürturşy gazyny ulanmak arkaly çylşyrymly proses arkaly öndürilýän sintetiki metanolyň bir görnüşidir.

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler